Mazmuna geçiň

Altyndepe

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Özboluşly türkmen medeniýetiniň kökleri biziň eýýamymyzdan ozalky III-II müňýyllyklaryň çägine gadymy ekerançylaryň şäher gurluşlaryndan ozal emele gelen siwilizasiýanyň döwri bolan bürünç eýýamyna uzalyp gidýär. Baryp biziň eýýamymyzdan ozal III müňýyllyklarda dörän, biziň eýýamymyzdan ozal II müňýyllygyň başyna bolsa özüniň gülläp ösmeginiň iň ýokary derejesine ýeten Altyndepe onuň esasy merkezi bolupdyr. Altyndepäniň harabalyklary günorta-günbatar Türkmenistanda, Köpetdagyň eteklerinde, belentligi 20 metrden ybarat depede ýerleşýärler. Şäheriň umumy meýdany 46 ga öz içine alýar. Belli bir döwürlerde bu mesgen oňat berkidilen ýagdaýda bolupdyr: onuň daş-töweregini çig kerpiçden örülen, kuwwatly pilon diňler bilen berkidilen 6 m galyňlykdaky berk diwarlar gurşap alypdyr. Altyndepäniň demirgazyk künjegini öýler we senetçileriň ussahanalary eýeläpdir. Mesgeniň günbatar böleginde ýaşaýyş jaýlary ýerleşipdir. Biziň eýýamymyzdan ozal 2300-1900-nji ýyllar bilen senelenýän Altyndepe siwilizasiýasy üçin gadymy Gündogaryň medeniýetine degişli ençeme aýratynlyklar häsiýetlidir. Ol ýerli ekerançylyk we maldarçylyk obşinanyň ösmegi esasynda kemala gelipdir. Olar biziň eýýamymyzdan ozal V-IV müňýyllyklarda kümüş eretmegi öwrenipdirler, iri şahly mallary, soňraklar düýeleri köpeltmäge başlapdyrlar. Ekin meýdanlaryny suwarmak üçin uly bolmadyk akabalar gazylypdyr. Şeýlelikde, suwaryş ekerançylygynyň başy başlanypdyr. Çig kerpiçden köpotagly jaýlar galdyrylypdyr. Olaryň arasyndan inçejik egrem-bugram köçejikler geçipdir. Aýratyn halatlarda her bir maşgalanyň öz garamagynda iki-üç öýe, şonçarak hem hojalyk otaglaryna eýe bolandygyny kesgitlemek bolýar. Uly bolmadyk howluda öý-hojalyk işi bilen meşgullanýan aýallara öz zähmetsöýerligini görkezmäge uly mümkinçilik berýän naharhana ojagy, çörek bişirilýän peç we daş degirmen bolupdyr. Iri şäher obşinasynyň emele gelmegi jemgyýetiň taryhynda hil taýdan täze bir döwrüň başlanandygyna şaýatlyk edýär. Altyndepäniň merkezi boýy 12 m ýakyn dört basgançakly diňden ybarat monumental dini ybadathana bolup durýar. Onuň düýbüni 27x10 m ölçeglerdäki ýaýbaň binýat tutýar. Basgançakly, diň şekilli gurluşyklary ulanmak, diwarlary dikligine goýulan zatlar bilen bölüşdirmek ýaly usullar mesopotamiýa arhitektura çözgütlerine degişlidir. Alymlar ybadathananyň Aý Hudaýyna bagyşlanan bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar. Diňiň depesinde gurbanlyk berilýän ýer bolupdyr. Şu taýdan hem ruhanylar asman jisimleriniň hereketlerine gözegçilik edip hem-de suwaryş işleriniň möhletini kesgitläp, ekerançylyk işlerine ýolbaşçylyk edipdirler. Bu gurluşyň yz tarapynda ruhanylaryň gonamçylygy, baş ruhanynyň jaýy, köpsanly ammarlar bolupdyr. Bu ýerden altyn folga (gurşun kagyzy) dolangy, bürünçden ýasalan gözleri we maňlaýynda aý bolan, kümüş şahly öküziň altyn kellesi tapyldy. Altyndepäniň gadymy ekerançylarynyň medeni gatlaklarynyň ýene-de bir ugry Ind dag jülgesine-Mohenjo-Daro, Harappa, gadymy Harapp siwilizasiýanyň beýleki şäherlerine we obalaryna gidýär. Altyndepede guburlarda goýlan zatlaryň, diwarlarda gizlenilen hazynalaryň arasyndan pil süňklerinden ýasalan hrapp önümleri, hrapp siwilizasiýasiýasyna degişli möhürler tapyldy. Gelip çykyşlary boýunça ýerli häsiýete eýe ençeme dürli-dürli önümler - laýdan edilen gap-gaçlardan başlap, mis hanjarlar we faýansdan ýasalan monjuklar gadymy Hindistanyň senetçiliginiň önümlerini ýada salýar. Megerem, hindi önümleri şäheriň ilatyna oňat mälim bolan bolsa gerek we uly meşhurlykdan peýdalanypdyr. Bu bolsa ýerli önümlere öýkünilmegiň ençeme görnüşleriniň gabat gelýändiklerinden-de belli bolýar. Bu delilleriň hemmesi-de Altyndepe siwilizasiýasiýasynyň Mesopotamiýa bilen Ind dag jülgesiniň şäherleri arasynda özboluşly köpri bolmak bilen gadymy Gündogaryň medeni merkezleri bilen ýakyn gatnaşykda ösendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Söwda kerwenleri Altyndepeden günorta, Elamyň we Wawilonyň gülläp ösýän şäherlerine, demirgazyga we gündogara-çarwa taýpalaryň ýaşaýan ýerlerine gidipdirler. Altyndepäniň ussalarynyň ýasaýan zatlaryny arheologlar olaryň öndürilen merkezlerinden 500–600 km uzaklyklardan-Täjigistandan, Fergana jülgesinden tapýarlar. Şeýle gatnaşyklar senetçiligiň we medeniýetiň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine ýardam edipdir. Altyndepäniň demirgazyk böleginde senetçiler ýaşapdyrlar we zähmet çekipdirler. Senetçileriň ýaşan ýerleriniň harabaçylyklary onlarça metrlere uzalyp gidipdir. 4 müň ýyl mundan ozal bu ýerde küýzegärler işläpdir we keramikaçy ussalaryň ojaklaryndan tüsseler asmana göterilipdir. Küýzegärleriň ýaşan ýerleriniň harabalyklarynyň arasynda palçykdan ýasalan gap-gaçlar, otda bişirmek üçin niýetlenen tutumly küräniň ýumrulan gümmezi gabat gelip durýar. Olaryň galyň diwarlary tutuşlygyna köz ýaly gyzardylypdyr. Onuň içinde alawlaýan ýalnyň gyzgynlygy 1400 derejä çenli ýetipdir. Şeýle gyzgynlyk derejede faýans öndürmek doly mümkin bolupdyr we gadymy küýzegärleriň diwarlarynyň galyňlygy köplenç bary-ýogy birnäçe millimetr bolan gap-gaçlary öndürmegi başarandygyna geň galyp oturmaly hem däl. Olaryň önümleri gadymy şäherlileriň gündelik durmuşynyň hakyky bezegleri bolupdyr. Ýonulyp ýasalan belent aýajygyň üstünde oturan gelşikli wazalar, diwarlary sünnälenip egilen ýeňil kubikler, ajaýyp küýzejikler keramikaçylaryň ussatlyklaryny häsiýetlendirmän, eýsem belli bir hünärdäki adamlaryň hyzmatynyň özboluşly bir ýörgünli ugrunyň durnukly düzgünleriniň bolandygyndan habar berýär. 4 müň ýyl mundan ozal ýasalan ýukajyk, ses edýän küýze döwügi öz hili boýunça häzirki zaman farforlaryndan, köplenç, pesde durmaýar. Palçykdan edilen gap-gaçlaryň tas ertekilerdäki ýaly bol derejede - 28 görnüşde tapylmagy Altyndepäniň ilkinji şäher ýaşaýjylarynyň keramika sungatynyň ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Altyndepäniň metal guýujylary uly ussatlyga ýetipdirler. Misiň myşýak ýa-da gurşun garylan ergininden (myşýaklanan we gursunlanylan bürünç) ýa-da latundan – mis bilen sinkiň ergini – olar ajaýyp, köplenç basma bezegli we haşamly halkajyklary, gap-gaçlary, aýnalary, iňňe bagjyklary, ýüzükleri, bilezikleri, möhürleri ýasapdyrlar. Kümüş kiçiräk şaý-sepler üçin-de, has ulurak zatlary ýasamak üçin hem harçlanypdyr. Şäherler ulgamlary döremezden ozal dörän şäherleriň ilatynyň köp bölegi suwaryş akabalarynyň şeýle bir çylşyrymly bolmadyk ulgamynyň kömegi bilen suwarylýan meýdanlarda işläpdir. Serdarlaryň we ruhanylaryň uly öýleri tertipli gurlup, 80-100 kw.m. meýdany eýeläpdir. Barly adamlaryň ýaşaýan kwartallarynda ýerleşýän guburhanalarda arheologlar dürli görnüşli bezeg şaý-seplerini, şol sanda altyndan we kümüşden edilenlerini, ýarym gymmat bahaly daşlardan ýasalan dür monjuklary, kümüş we bürünç ýüzükleri we möhür tapdylar. Arheologlar tarapyndan tapylan mazarlaryň birinde megerem ruhany ýa-da gözbagçy aýal jaýlanan bolsa gerek. Gapdalyga orta ýaşlaryndaky ýatan bu aýal gyzyl ýüzüklerden doly elinde iki sany aýal heýkellerini gysyp saklaýardy. Onuň ýanynda ertekilerdäki ýaly üç kelleli haýwan görnüşli kümüş möhür ýatyrdy. Şu ýerden hem arheologlar agatdan, hakykdan, lazuritden we altyndan ýasalan, ýüzlerçe monjuk tapdylar. Altyndepäniň ýaşaýjylary, eýýäm tigirli ulaglardan (arabalardan) peýdalanýardylar. Palçykdan edilen köp sanly ýük arabalarynyň, esasan-da dört tigirden durýan arabalaryň modellerine ser salsaň, olarda çekiji güýç hökmünde düýeler ulanylypdyr. 5 müň ýyldan hem köpräk taryhy bolan Altyndepeden tapylan ýük arabasynyň modeli ozal çaklanylysyndan hem 2 müň ýyl ozal olara ýük mallarynyň goşuplyp ulanylyp başlanylandygyna şaýatlyk edýär. Çaga guburlarynda hem ýük arabalaryň modelleri tapyldy. Megerem, olar dini mana eýe bolan bolsa gerek ýa-da çaga oýnawaçlary bolupdyrlar. Biziň eýýamymyzdan ozal II müňýyllyklaryň ortalaryna Orta Aziýanyň bu gadymy siwilizasiýasynyň mesgeni pese düşüp başlaýar. Esasy medeni ojak gündogara geçýär. Ol ýerde Murgap derýasynyň aşak akymlarynda hem-de Amyderýanyň orta akymlary boýunça oturymly ekerançylaryň täze obalary peýda bolýar. Bu medeniýetiň ençeme aýratynlyklary bu oazisleriň ýaşaýjylarynyň Altyndepe siwilizasiýasyny döreden adamlaryň gönüden-göni nesilleri bolup durýandygyny hasap etmäge mümkinçilik berýär.Altyndepe diýilmegini sebäbi ondan ökuzüň kellesi tapylypdyr.