Eritrositler
Eritrositler
[düzet | çeşmäni düzet]Eritrositler – gyzyl gan öýjükleridir.Olar örän kiçidirler, 1 kub mm. ganda 5 mln-a çenli eritrosit bar. Bu bedende gyzyl gan bedenjikleriň sanynyň örän köpdügini görkezýär. Olaryň hemmesiniň üstki meýdanynyň jemini alsaň, adamyň bedeniniň üstüniň meýdanyndan 1500 esse uludyr ýa-da takmynan 3500 m2-a deňdir. Gyzyl gan bedenjikler ýasy süňkleriň gyzyl süňk ýiliginde emele gelýärler. Olar dört aýa golaý ýaşaýarlar, soňra bagyrda we dalakda weýran bolýarlar.
Gurluşy
[düzet | çeşmäni düzet]Ýetişen gyzyl gan bedenjikler ýadrosyzdyrlar. Ulaldyjy abzal bilen seredilende gyzyl gan bedenjikler iki gapdaly oýuk tegelek görnüşinde bolýar. Olaryň daşy membrana bilen örtülendir. Membrananyň üstünden gazlar, suw, glýukoza, anionlar, wodorodyň ionlary aňsatlyk bilen geçýärler. Membrana örän çeýedir. Bu bolsa olara gaty inçe damarlardan geçmeklige kömek edýär. Onuň sitoplazmasynda aýratyn belokly madda – gemoglobin bar.
Ýerine ýetirýän wezipesi
[düzet | çeşmäni düzet]Gemoglobin gana gyzyl reňk berýär. Gemoglobin kislorody aňsatlyk bilen özüne birleşdirmäge we ony aňsatlyk bilen bermäge ukyplydyr. Kislorody özüne birleşdiren gemoglobin açyk gyzyl reňkde bolýar. Kislorodyň az ýerinde bu durnuksyz birleşmäniň dargamagy bolup geçýär. Netijede, ýene-de gemoglobin we erkin kislorod emele gelýär. Ganyň reňki gemoglobiniň kisloroddan doýgunlylyk derejesine baglydyr. Kisloroda baý bolan açyk gyzyl reňkli gana arteriýa gany diýilýär. Kislorody az bolan ganyň goýy gyzyl reňki bolýar. Ol wena ganydyr. Gyzyl gan bedenjikleriň (eritrositleriň) esasy ýerine ýetirýän işi – kislorody öýkenlerden dokumalara we kömürturşy gazyny bolsa dokumalardan öýkenlere geçirmekdir. Gyzyl gan bedenjikleriniň (eritrositiň) düzüminde bar bolan gemoglobin öýkenlerde kislorod bilen birleşýär we gowşak birleşme oksigemoglobine (gemoglobiniň turşusyna) öwrülýärler. Damarlarda ganyň akymy boýunça oksigemoglobin dokumalara eltilýär. Ol ýerdekislorod oksigemoglobinden bölünip aýrylýar we öýjükler tarapyndan peýdalanylýar. Kisloroddan boşan gemoglobin derrew özüne kömürturşy gazyny birleşdirýär. Soňra ganyň akymy bilen ýene-de öýkenlere barýar, ol ýerde hem gaz çalşygy amala aşyrylýar. Şeýle hadysanyň bozulmagy, bedeniň öýjüklerinde kislorod ýetmezçiligini döredýär, bu bolsa heläkçilige eltýär. Tebigatda başga-da bir madda bar, ol hem edil kislorod ýaly gemoglobin bilen işjeň birleşýär. Ol madda uglerodyň oksidi ýa-da ugar gazydyr (tutujy gaz). Dem alnanda ugar gazy bar bolsa, onda ol gana düşýär we gemoglobin bilen berk birleşmäni emele getirýär. Gemoglobin özüne kislorody birleşdirmek ukybyny ýitirýär. Netijede, beden ugar gazy bilen zäherlenýär. Bu ýagdaý käwagtlar bedene ölüm howpuny salýar.