Günorta-Gündogar Aziýa
Appearance
Günorta-Gündogar Aziýa — Hytaýyň, Hindistanyň we Awstraliýanyň arasyndaky kontinental we ada territoriýalaryny eýeleýän uly sebit. Oňa Hindihytaý ýarymadasy we Malaý arhipelagy hem girýär.
Kontinental böleginde Wýetnam, Kamboja, Laos, Mýanma we Taýland, ada böleginde bolsa Bruneý, Gündogar Timor, Indoneziýa, Singapur we Filippinler ýerleşýär. Malakka ýarymadasynyň günorta bujagyny we Borneo adasynyň demirgazyk bölegini Malaýziýa eýeleýär. Wýetnam, Kamboja we Laos ýurtlaryna hindihytaý döwletleri hem diýilýär, ada döwletleriniň umumy ady bolsa Nusantara bolup durýar. Sebit demirgazykdan günorta 3,2 müň km, günbatardan gündogara çenli bolsa 5,6 müň km-e ýaýylyp gidýär.
Dünýäniň sebitleri |
|
---|---|
Amerika | Demirgazyk · Karibler · Latyn · Merkezi · Günorta |
Ýewropa | Demirgazyk · Günbatar · Merkezi · Gündogar · Günorta |
Aziýa |
Demirgazyk · Günbatar · Merkezi · Gündogar · Günorta · Günorta-Gündogar Ýakyn Gündogar · Orta Gündogar · Uzak Gündogar |
Afrika | Demirgazyk · Günbatar · Merkezi · Gündogar · Günorta |
Okeaniýa | Awstraliýa · Täze Zelandiýa · Melaneziýa · Mikroneziýa · Polineziýa |
Polýar sebitler | Arktika · Antarktika |
Okeanlar | Atlantik · Hindi · Demirgazyk Buzly · Ýuwaş · Günorta (Resmi ykrar edilmedik) |