Mahmyt II Osmanly
Höküm sürdi: 28 Iýul 1808 – 1 Iýul 1839
Özünden öň: Mustapa IV
Özünden soň: Abdulmejit
Aýallary: Bezmialem soltan. Pertewniýal soltan.
Ogullary: Abdulmejit, Abdulaziz
Hökümdarlygy: Osmanly hökümdarlygy
Kakasy: Abdulhamit I
Ejesi: Nakşidil Walide soltan
Doguldy: 20. Iýul. 1785 Stambul
Ölümi: 1. Iýul. 1839 (53 ýaşynda) Stambul
Depin edildi: 2. Iýul 1839 Mahmyt II türbesi
Dini: Yslam
Doly ady: Soltan Mahmyt Hany Sani bin Abdulhamit han El-Muzaffer hemişe
Kakasy: Abdulhamit I
Ejesi: Nakşidil Walide Soltan
Doguldy: 20 Iýul 1785 Stambul
Ölümi: 1 Iýul 1839 (53 ýaşynda) Stambul.
Depin edildi: 2 Iýul 1839. Mahmyt II türbesi.
Mahmyt II Osmanly (Osmanly türkçesi: ىناث دومحم Mahmudu sani, ىلدع دومحم Mahmudu Adli)
Umumy
[düzet | çeşmäni düzet]30-njy Osmanly hökümdary we 109-njy Yslam halyfy. Osman Gazy we Soltan Ybraýymdan soňra Osmanly hökümdarlygynyň üçünji we soňky şejere atasydyr. Soňky alty Osmanly hökümdaryndan ikisi onuň ogly, dört sanysy bolsa onuň agtygydyr. Tagta geçen wagtlaryndan beýläk 31 ýyl höküm sürüp Osmanly taryhy syýasy tarapdan iň gapma-garşylykly döwürleriniň birini başdan geçiripdir. Balkanlarda imperiýanyň dargamanyň, çagşamanyň başlangyjyny başladan Serb er Ýunan (grek) pitneleri, Rus, Iňlis we Fransuz deňiz flotlarynyň Nawarinde Osmanly flotlaryny ýok etmekleri we günäkärlenen Müsür baştutany Kawalaly Mehmet Aly paşşanyň goşunlarynyň Siriýa we Anadolyny geçip Kütahÿa çenli gelmekleri ýaly bolup geçen wakalar bilen pete-pet garşylaşan Mahmyt II Osmanly, ýene bir tarapdan hakykatlaşdyrylan reformalar bilen imperiýanyň dolandyrylmagyny üýtgedip Osmanly modernleşmeginiň öňüni alypdyr. Ölüminden dört aý soňra yglan edilen Tanzimat permanynyň ugurlarynyň we kararlarynyň taýýarlaýjysy Mahmyt II Osmanly bolupdyr. Hökümdarlygy döwründe edilen işler sebäpli, käbirleri özüni döwleti gaýtadan has gowy ýagdaýa getirmek üçin her asyrda bir gelmekligi garaşylan müjeddid bolup kabul edilip özûniň aýratyn sypatlary bilen ýatlanan dolandyryjy saýypdyrlar.
Ölümi
[düzet | çeşmäni düzet]Agyr hassalyga sezewar bolan Soltan Mahmyt II Osmanly 1839-njy ýylda birahat bolup Ýaz günleriniň birinde Çamlyja howasynyň özüne gowy täsir etjekdigine umydyny baglap gämi bilen Beşikdaş saraýyndan birnäçe egindeşleri bilen Üsküdara bardy. Ol ýerden hem Çamlyja baryp aýaly Bezmiälem soltan we ogly Abdulmejit bilen birlikde, jigsi Esma Soltanyň bu ýerdäki köşgüne geldi. Soltan Mahmydyň keseliniň beterleşen günlerinde Mejlisi Wala baştutany Goja Hüsrew Paşşa tarapyndan ynanylan saraý adamlary patyşanyň ýagdaýynyň daşara çykarylmazlygyna üns berýärdiler. Ölüminden soň ýerine Abdulmejidi bellemek isleýänler hem bardy. Şyhzada Abdulmejit we ejesi Bezmiälem soltan hem onuň ölüm habaryna garaşýardylar. Bu garaýyşlary gulaklary bilen eşiden soltan Mahmyt II Osmanly, Şyhzada Abdulmejitden we ejesi Bezmiälem soltandan gaty gördi. Ölüm düşegindekä Şyhzada Abdulmejit kakasyny soňky gezek görmek isläp onuň ýatan otagyna girip aýaklaryny ýüzüne sürtüp aglan wagty, bu ýagdaýy duýan Soltan Mahmyt II onuň ýüzüne depip, ondan närazydygyny bildirdi. Soltan Mahmyt II Osmanly 1839-njy ýylyň 2-nji Iýulda Dynç güni daňa golaý aradan çykdy. Hüsrew Paşşa soltan Mahmydyň ölendigini bilip ýanyndaky egindeşi Said Paşşany jynaza üçin gerekli zatlary toplamak üçin ony belledi. Soňra säher wagty gaýyk bilen Topgapy saraýyna äkidilip şol ýerde ýuwulyp kepeni biçilip Jynazasyny okadylar. Asman garalyp ýagyş ýagmaga başlady. Gyz jigsi Esma soltanyň islegi bilen Esma Soltanyň Jagaloglundaky köşgüne depin edildi.
Maşgalasy
[düzet | çeşmäni düzet]Soltan Mahmyt II Osmanlynyň Maşgalasy köplükdir. Birnäçe aýallary we ogullary, gyzlary bolan. Olaryň atlary aşakda ýerleşdirildi.
Aýallary
[düzet | çeşmäni düzet]1. Bezmiälem Walide Soltan (d.1807 - ö.1853).
2. Pertewniýal Walide Soltan (d.1812 - ö.1883).
3. Hajiiýe Pertew-Piýale Newfidan hatyn(d.1793 - ö.1855).
4. Alyjenap hatyn (ö.1839).
5. Fatma hatyn (ö.1809)
6. Kamary hatyn (ö.1825).
7. Aşubijan hatyn (d.1793 - ö.1870).
8. Hajiÿe Hoşýar hatyn (ö.1859).
9. Hüsni Melek hatyn (d.1812 -ö.1856).
10. Nurtab hatyn (d.1810 - ö.1886).
11. Misli Naýab hatyn (ö.1825).
12. Perwiz Pelek hatyn (ö.1863).
13. Zeýini Pelek hatyn (ö.1842).
14. Wuzlat hatyn (ö.1830).
15. Zer-Nigar hatyn (ö.1832).
16. Ebri Reftar hatyn (ö.1825).
17. Lebriz Pelek hatyn (d.1810 -ö.1865).
18. Tirýal hatyn (d.1810 - ö.1883).
Ogullary
[düzet | çeşmäni düzet]1. Abdulmejit (d.1823 - ö.1861)
2. Abdulaziz (d.1830 - ö.1876)
3. Şyhzada Ahmet (d.1814 - ö.1815)
4. Şyhzada Ahmet (d.1819 - ö.1819)
5. Şyhzada Ahmet (d.1819 - ö.1819)
6. Şyhzada Ahmet (d.1822 - ö.1823)
7. Şyhzada Ahmet (d.1823 - ö.1824)
8. Şyhzade Baýezit (d.1812 - ö.1812)
9. Şyhzada Abdulhamit (d.1811 - ö.1815)
10. Şyhzada Abdulhamit (d.1813 - ö.1825)
11. Şyhzada Abdulhamit (d.1827 - ö.1828)
12. Şyhzada Süleyman (d.1817 - ö.1819)
13. Şyhzada Mehmet (d.1814 - ö.1814)
14. Şyhzada Mehmet (d.1816 - ö.1816)
15. Şyhzada Mehmet (d.1822 - ö.1822)
16. Şyhzada Myrat (d.1827 - ö.1828)
17. Şyhzada Hapyz (d.1836 - ö.1839)
18. Şyhzada Nyzametdin (d.1835 - ö.1838)
19. Şyhzada Osman (d.1813 - ö.1814)
20. Şyhzada Kemaluddin (d.1813 - ö.1814)
21. Şyhzada Abdylla (d.1820 - ö.1820)
22. Şyhzada Mahmyt (d.1822 - ö.1822)
Gyzlary
[düzet | çeşmäni düzet]1. Emine Soltan (d.1813 - ö.1814)
2. Hamide Soltan (d.1817 - ö.1818)
3. Haýriýe Soltan (d.1831 - ö.1832)
4. Şa Soltan (d.1812 - ö.1814)
5. Saliha Soltan (d.1811 - ö.1843)
6. Äşe Soltan (d.1809 - ö.1810)
7. Atiýe Soltan (d.1824 - ö.1850)
8. Fatma Soltan (d.1828 - ö.1830)
9. Munire Soltan (d.1824 -ö.1825)
10. Fatma Soltan (d.1809 - ö.1809)
11. Mihrimah Soltan (d.1812 - ö.1838)
12. Adile Soltan (d.1826 - ö.1899)
13. Fatma Soltan (d.1810 - ö.1825)
14. Emine Soltan (d.1814 - ö.1814)
15. Şa Soltan (d.1814 - ö.1817)
16. Emine Soltan (d.1815 - ö.1816)
17. Zeýnep Soltan (d.1815 - ö.1816)
18. Jemile Soltan (d.1818 - ö.1818)
19. Hamide Soltan (d.1818 - ö.1819)
20. Hatyja Soltan (d.1825 - ö.1842)
21. Haýriýe Soltan (d.1832 - ö.1833)
22. Rafiýa Soltan (d.1836 - ö.1839)